Bedroý aýal hem onuň batyl äri hakynda

Abdyrahman Jamy, “HEKAÝATLAR”

Gadym çakda ýaşanmyşyn bir batyl,
Sataşanmyş oňa bir bedroý hatyn.

Ol edep görmedik hem gödekmişin,
Özem durşy bilen gybat—gepmişin.

Ýüzi garrygyzyň paçagy ýaly,
Maňlaýy durşuna ýygyrtdan doly.

Bili küýki, gulaklaram agyrmyş,
Gybat gözläp, öýden—öýe ýüwirmiş.

Bir gün ol äriniň ýüzüne garap,
Başlanmyş gürrüňe şelaýynsyrap:

„Batyldygňa gelýär şeýle bir haýpym,
Ýok meniň synamda birjigem aýbym.

Jemalym bäs edýär nurana Aýa,
Görenler aňk bolup bakýar men taýa.

Gözelligme gözi gidip gülleriň,
Ahmyr, arman çekip, galar süllerip.

Inçe bil, al ýaňak, serwi boýly men,
Biler bolsaň, är jan, ine, şeýle men!“

Bu sözleri diňläp ol batyl bende
Diýipdir: „Aýdaýyn ýeri gelende.

Diýýänleriň bary bikär ýaňrama
Ýa ters düşünjeli gury samrama.

Aňýan menem herki zadyň ýagdaýyn,
Ugrunda bar bolsa ýaňky aýdanyň,

Gözlüler aňalyp oturmazdylar,
Men ýaly batyla ýetirmezdiler.

Sende akyl nire, görk-görmek nire?
Sataşyp sermenip oturan köre,

Bahanalap hiç zat görmeýänimi,
Oýnajak bolýarsyň heleý jan, meni.

Bu sözleň durşuna hiledir, aldyr,
Bil sen, kör hasasyn bir gezek aldyr…“

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s