
Bir örän baý emma husyt adam nesihat diňlemek üçin akyldaryň ýanyna barypdyr. Akyldar penjiräniň öňüne eltip, ondan sorag sorapdyr:
– Penjirä seredeňde näme görýärsiň?
– Ýoldan geçip barýan adamlary görýärin. Birem ýoluň gyrasynda dilegçilik edip oturan pukarany.
Akyldar başga bir otaga gidip, eli ullakan aýnaly dolanyp gelipdir-de ýene sorag sorapdyr:
– Ýeri, bu aýna seredeniňde näme görýärsiň?
– Özümi.
– Diýmek, indi başgalary göreňok, şeýlemi?!.
Bilýäňmi näme, penjiräniň aýnasam edil şol maddadan, ýagny çüýşeden, emma ýüz görülýän aýnanyň ýüzüne ýukajyk kümüş gatlak çaýylanlygy sebäpli oňa sereden wagtyň özüňden özgesini görmeýärsiň. Hawa, ynsan kalby hem edil çüýşe ýaly dury bir zat aslynda, başgalary görmäge hiç hili päsgelçilik ýok, gaýtam köňül oňa sebäp bolýar. Köňlüň üsti bilen ýüregimizde adamlara merhemet besläp bilýäris. Ýöne haçan-da altyn-kümüş ýaly dünýä bezegleri kalbymyzy basyp alsa, köňül aýnamyzda diňe öz suratymyz görner. Kalbymyzdan rehim-şepagat uçar gider. Onda biz öňi bilen öz ýüregimizi päklemeli. Ýagny altyn-kümüşi jübimizde götermeli, kalbymyzda däl. Ana, şomahal diňe bir özüňi bilmek ýaly duýgudan halas bolarsyň-da ýüregiňde başgalara merhemet duýup başlarsyň.