Fudaýl bin Iýaza (Merw bilen Mäne töwereklerinde ýaşap geçen Hak dostlaryndan biri) her gezek:
– Pylany seniň mertebäňe şyltak atýar – diýenlerinde, ol:
– Walla, men oňa şeýýtmegi buýurýan şeýtana gaharlanýan – diýermiş, soňra-da sözüni şeýle dowam edermiş:
– Allahym, eger şol bendäň dogry aýdýan bolsa, meni bagyşla; ýok, ýalan aýdýan bolsa, ony bagyşla!
