ÝALAN

Şol wagtlar men on sekiz ýaşymdadym. Bir gün kakam bilen öz awtoulagymyzda obamyzdan ýigrimi-otuz kilometrlikde ýerleşýän şäherçä gidip gelmeli bolduk. Awtoulagy men sürýärdim. Ulag sürmegi täzelikde öwrenip, sürüjilik şahsyýetnamasyny alanyma-da köp wagt geçmändi. Şonuň üçin ruluň başynda oturmaga pursatyň döränine begenýärdim. Barjak ýerimize baranymyzdan soň awtoulagyň kem-käs ýerine seretdirmek üçin bu ýerdäki kakamyň tanyş ussasyna barmaly boldum. Kakama sagat laýyk dörde geljekdigimi aýdyp, ulagymy ussa tabşyrdym. Entek birneme wagtym bardy. Şonuň üçin ussahananyň ýakynyndaky internet kafe bardym. Kompýuteriň başynda oturşyma, internete şeýle bir gyzygypdyryn, bir seretsem sagat alty bolup geçen eken.
Iki sagat ýaly gijä galypdym. Kakam meniň internet kafede eglenenemi biläýse, gaharlanjakdy. Gaýdybam maňa awtoulag sürdürjek däldi. Men kakama awtoulagyň bejerilmegi üçin ussahanada esli wagt garaşmaly bolandygyny aýtmagy ýüregime düwdüm. Kakamy goýup giden ýerime baranymda, onuň köçede garaşyp durandygyny gördüm. Gijä galanym üçin ötünç soranymdan soňra, ussada eglenendigimi aýtdym. Kakam gaşlaryny çytyp, esli salym ýüzüme seredip durdy. Soňundanam uludan demini alyp:
– Ýalan sözleýändigiňe erbet gynandym oglum! – diýdi. Men ör-gökden gelen kişi bolup:
– Diýýäniň näme kaka?! Dogrymy aýdýaryn – diýdi. Kakam täzeden ýüzüme dikanlap seretdi:
– Sen wagtynda gelmänsoň, ýagdaýy öwreneýin diýip, ussahana jaň etdim. Olar entek seniň maşyny almaga gelmändigiňi aýtdylar. Maşyn bilen baglanyşykly meseläň ýokdugyny-ha bilýärin!
Utanjymdan ýüzüm lap-lap gyzdy. Ýer ýarylmady, menem girmedim. Aňyma aýlandym, nähili uly ýalňyşlyk goýberendigimi duýup galdym. Ýalan sözlänime müň puşman bolup, kakama hakykaty aýtdym. Ol meni diňläp durşuna gamgyn seslendi:
– Gaharym gelýär oglum, gaharym gelýär! Emma saňa däl, özüme gaharym gelýär. Sen munça ýyldan soň ýalan sözläp bilýän bolsaň, onda men hakyky kaka bolup bilmän ekenim. Öz kakasyny hem aldap bilýän çaga ýetişdiren ekenim. Men öýe pyýada gitjek. Belki ýolda barýarkam, nirede ýalňyşandygym ýadyma düşer.
– Kaka! Öýe çenli otuz kilometr ýol bar ahyry. Günem ýaşyp barýar, howa-da garaldy. Munça ýoly nädip geçjek?!
Emma kakam meni hiç hil diňlemän, paý-pyýada oba ugrady.
Kakamy umytsyz ýagdaýa salanyma ökünip, aňyrsyna çykyp bilmeýärdim. Ömrümiň iň ýowuz dersleriniň birini alýardym. Kakam uly ýoluň gyrasyndan ýöräp barýardy. Menem awtoulagy ýuwaşlyk bilen sürüp, yzyna düşüp gelýärdim. Ýolboýy ondan ötünç soraýardym, maşyna münmegini haýyş edýärdim. Emma kakam meni eşitmeýän ýaly, gamgyn ýüzüni salyk, şol gidip otyrdy.
Otuz kilometrlik ýoluň tutuş on kilometrini şeýle ýagdaýda geçdik. Kakamyň ruhy ezýet çekmeginden hem-de uzak ýoly pyýada ýöremegiň argynlygyndan gara-ört bolan şol wagtky keşbi hiç wagt ýadymdan çykmady. Şondan soň hiç haçan ýalan sözlemedim.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s