YHSANYŇ DÜRLI ÝOLLARY

Bir gün baýlygy köpem bolsa özi juda husyt bir tüçjar etrap ruhanysynyň ýanyna baryp:
– Näme üçin meni hemmeler ýigrenýärkä? – diýip soraýar. – Aslynda, men ölenimden soň ähli zadymy haýyr-yhsan fondlaryna goýup gitjek ahyry. Munam hemmeler bilýär özem.
Ruhany birsalym pikirlenip durýar-da syrnyhdan soraýar:
– Sen doňuz bilen sygyryň kyssasyny bilýärmiň?
– Ýok – diýip jogap berýär gysyk tüçjar.
– Oňňaly bolsa, menden eşit – diýip, ruhany gürrüň bermäge başlaýar:
– Doňuz sygyryň ýanynda adamlaryň özüni hiç söýmeýändigini zaryn-zaryn gürrüň beripdir, soňra-da ondan: “Adamlar hemişe seniň gözüňi taryp edýärler. Elbetde sen olara süýt berýärsiň, emma men olara has kän zat berýärin. Etimi berýärin, derimden aýakgap ýasaýarlar, gyllarymdan çotga ýasaýarlar… Şonda-da meni bir sygyry söýüşleri ýaly söýmeýärler. Näme üçinkä?” diýip soraýar.
Sygyr gamgyn oturan ýoldaşyna seredeninden soň: “Men adamlara berýän zadymy olar entek dirikä berýärin. Sen bolsa ol agzan zatlaryňy diňe öleniňden soň berip bilersiň… Sebäbem şol öýdýän” diýip, jogap berýär.
(I.Bergman)

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s