GÜNDE IKI GEZEK…

Harun Reşit Bagdat şäheriniň töweregindäki baglary gezip ýörkä bir garry ýaşulynyň nahal dikip ýörenini görýär. Ol adamyň ýanyna barýar-da ondan:
– Eý, ýaşuly! Hurma agaçlary kyrk ýylda hurma berýär. Sen bolsa garry adam. Miwesini iýip bilmejek agajyňy näme üçin ekýäň? – diýip soraýar.
Garry adam oňa şeýle jogap berýär:
– Bizden öňküler şu görýän agaçlaryňyzy hut biziň üçin ekipdirler. Menem muny özüm üçin däl-de özümden soňkylar üçin ekýärin.
Onuň beren jogaby patyşanyň göwnünden turýar. Garry adama birneme pul eçilýär. Puly alan adam ony ýüzüne sylyp, “Allaha şükür!” diýýär.
Harun Reşit:
– Näme üçin şükür edýärsiň? – diýip soraýar.
Ol adam:
– Başgalar eken agajynyň miwesini kyrk ýylda alýan bolsa, men bu gün eken agajymyň miwesini hut şu günüň özünde alýaryn. Nädip şükür etmäýin onsoň! – diýýär.
Patyşa ýene eçilýär. Ol adam gürrüňini şeýle dowam etdirýär:
– Bu gezekki şükür edişimiň sebäbi, başgalar agajyň miwesini ýylda bir gezek alýan bolsa, men günde iki gezek dagy aldym.

Leave a comment